Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Awazadaky maslahatynyň netijelerine ýokary baha berdi

Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Awazadaky maslahatynyň netijelerine ýokary baha berdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlady. Bu barada özbek Lideriniň iberen minnetdarlyk hatynda aýdylýar.

“Bu halkara maslahat Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýyl-ýyldan artýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Forumda ösüp barýan döwletleriň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady we ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, olaryň üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy oňa aýratyn ähmiýet berdi” diýlip, hatda aýdylýar.

“Çäräniň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi we Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň tassyklanylmagy biziň bu asylly maksatlarymyza hyzmat eder. Şeýle hem Siziň bilen netijeli, açyk dialogymyzyň özara gatnaşyklarymyzyň ähli ileri tutulýan ugurlary boýunça köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Mirziýoýew belleýär.

Şawkat Mirziýoýew şeýle hem Türkmenistanda saparda bolan wagtynda ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandygyňyz üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

“Bu ýokary sylagy diňe bir maňa we ähli özbek halkyna bildirilen sylag-hormatyň nyşany hökmünde däl-de, eýsem, biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde hem kabul edýärin. Siziň ýakynda ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993