Şadyýan-bagtyýar, bagtly çagalar

Şadyýan-bagtyýar, bagtly çagalar

Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökdere jülgesindäki «Nesil», «Şöhle» çagalar dynç alyş merkezlerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» DK-nyň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirligi, Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy tarapyndan medeni, sport, döredijilik çäreleri geçirildi.

Merkezlerde ilki sport bäsleşiklerine giň orun berildi. Çagalar kiçi futbol, päsgelçilikden böküp geçmek, küşt, şaşka boýunça özara bäsleşdiler. Ýaş aýratynlygyna görä, toparlara bölünen çagalar şol bir wagtda reňkli kagyzlardan gülleriň, baglaryň şekillerini ýasamak, tebigat gözelliginiň suratyny çekmek boýunça öz ukybyny görkezdiler. Bu ýerdäki kitaphanalarda çeper okaýyş boýunça geçirilen bäsleşiklerde hem çagalar höwes bilen çykyş etdiler.

Sport we döredijilik bäsleşikleriniň dowamy aýdym-saz çykyşlaryna ýazdy. Zehin başarnygy bilen tapawutlanýan oglanlar we gyzlar bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny, şol sanda gözel Gökdere jülgesini şirin nagmalarda wasp etdiler. Çäreler toplumynyň barşynda bu ýerde dynç alýan gyzlaryň el işleri hem görkezildi.

Bäsleşikler we medeni çäreler tamamlanandan soň, ýeňijilere, zehini, başarnygy bilen saýlanan çagalaryň ählisine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993