12-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň maliýe we girdejiler boýunça federal ministri, senator Muhammat Aurangzeb bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýeti nygtalyp, özara peýdaly taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşykda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, özara maýa goýumlaryny höweslendirmäge we işewürlik işjeňligi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.
Netijede, taraplar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşe we Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň berkemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.