12-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Awstriýa Respublikasynyň bu ýurtdaky täze ilçisi Wolfgang Oliwer Kuçer bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.
Duşuşykda aýratyn üns iri halkara energetika taslamalaryna, şol sanda TOPH we TOP taslamalaryna berildi. Bu taslamalaryň diňe bir türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmekde däl, eýsem, sebit energetika howpsuzlygyny we özara gatnaşyklary berkitmekde hem ähmiýetli orny bardygy nygtaldy.
Taraplar sebitdäki häzirki ýagdaý boýunça giňişleýin pikir alşyp, sebitiň gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça garaýyşlaryny paýlaşdylar. Türkmen tarapy ýurduň sebit derejesindäki daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň sebit ýurtlarynyň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmäge gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna we diplomatik gatnaşyklaryň işjeňliginiň saklanylmagyna bolan bilelikdäki gyzyklanmalaryny aýtdylar.