Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde Plastex Uzbekistan halkara sergisine gatnaşarlar

Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde Plastex Uzbekistan halkara sergisine gatnaşarlar

23-25-nji sentýabr aralygynda Daşkentde türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Plastex Uzbekistan 15-nji halkara sergisi geçiriler diýip, ORIENT ýazýar.

Sergi plasmas we polimer önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, enjamlaryň we çözgütleriň görkeziljek möhüm meýdançasyna öwrüler.

Giňeldilen formatda guralýan sergi hünärmenlere we telekeçilere birnäçe ugurdaky tehnologiýalar, çig mal we enjam bölekleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Gatnaşyjylar innowasion işläp taýýarlamalaryny görkezmek, ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyk gurmak, täze teklipleri we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şert gazanarlar.

2025-nji ýyldan bäri çäreler Plastex Uzbekistan-yň 4P merkezi bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär. Bu merkez sebitiň önümçilik, gaplama, plasmas we polimer pudaklaryny özünde jemleýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993