Global media hyzmatdaşlar OGT-2025-iň giňden şöhlelendirilmegini üpjün ederler

Global media hyzmatdaşlar OGT-2025-iň giňden şöhlelendirilmegini üpjün ederler

22-24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2025 halkara maslahaty we sergisi öňdebaryjy neşirler bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde halkara habarlar giňişliginde giňden beýan ediler diýip, çäreleriň guramaçylary habar berýärler.

Media hyzmatdaşlarynyň arasynda Energy Intelligence, S&P Global Platts, Natural Gas World, NewsBase, The Investor we TRT bar. Olar Aşgabatdan giňişleýin reportažlary, eksklýuziw interwýulary hem-de çalt habarlary hödürläp, möhüm habarlary, strategik seljerme hasabatlaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini dünýäniň dürli künjeklerindäki çözgüt kabul edijilere hem-de pudak boýunça gyzyklanýan taraplara ýetirerler.

Giň gerimli ekspozisiýasy, ýokary derejeli halkara gatnaşygynyň bolmagy we dünýä metbugatynyň giň üns bermegi netijesinde OGT – 2025 diňe bir Türkmenistanyň energetika pudagynyň sergisi bolman, eýsem, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we Ýewraziýada energetiki hyzmatdaşlygyň geljegini emele getirmek üçin güýçli meýdança hökmünde hem çykyş etmegi wada berýär.

Goşmaça maglumatlary www.ogt-turkmenistan.com saýtyndan tapyp bolar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993