22-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berdi.
Türkmenbaşy halkara howa menzilinde goňşy döwletiň Baştutanynyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Azerbaýjanyň Liderini Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew, şeýle hem beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Ilham Aliýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammite gatnaşar. Sammit Hazar deňziniň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.