22-nji awgustda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sapar bilen Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde wise-premýer N.Atagulyýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berdi.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler.
Bellenilişi ýaly, sammitiň gün tertibine laýyklykda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energiýa hem-de ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alşylar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekilmegi hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.