Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Prezidenti köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy

Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Prezidenti köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993