Türkmenistanda esasy nebit çykaryjy kärhana bolan «Türkmennebit» döwlet konserni geologiýa-gözleg işlerini, guýulary burawlamagy we olaryň düýpli bejeriş işlerini işjeň dowam etdirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen, nebitçileriň ýokary öndürijilik görkezijilerine ýetmegine ýardam berýän döwrebap we ýokary netijeli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.
Ýakynda «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine köpugurly kuwwatly tehnikalaryň onlarçasynyň gelip gowuşmagy netijesinde, işlemän ýatan guýularyň hem-de önümçiligi peselen guýularyň ýokary hilli düýpli bejeriş işlerini geçirmek üçin giň mümkinçilikler açyldy.
Döwrebap enjamlaryň peýdalanylmagy hereketdäki we togtadylan guýularda ýüze çykýan kynçylyklary netijeli aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa olaryň öz wagtynda täzeden işe girizilmegine şert döredýär.
Şeýle hem awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar gullugyna Hytaýda öndürilen TY-160 kysymly bäş sany zynjyrly traktor gelip gowuşdy. Bu wakanyň nebitçiler üçin ähmiýeti uly bolup, täze tehnikalar Goturdepe we Barsagelmez ýataklaryna ugradylar hem-de önümçiligiň artmagyna saldamly goşant goşar.
Nebitçiler täze tehnikalaryň üstünlikleriniň ygtybarly binýadyna öwrüljekdigine ynanýarlar we netijeli işlemäge giň mümkinçilik döredendikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirýärler.