Türkmenistanly hünärmenleriň Germaniýada ylmy-barlag tejribeligi tamamlandy

Türkmenistanly hünärmenleriň Germaniýada ylmy-barlag tejribeligi tamamlandy

Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetinde geçiren üç hepdelik okuw tejribeliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanly hünärmenler halkara ylmy dialogy ösdürmek we sanly tehnologiýalary öwrenmek boýunça oňyn tejribe topladylar.

Bu okuw Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde maliýeleşdirmegi esasynda GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda: Syýasy dialog we 2024–2029-njy ýyllar üçin howa hereketleri» taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we ylmy işgärleri, şeýle hem Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň wekilleri girdi.

Maksatnama ýaşyl tehnologiýalary we emeli aňy (EI) metan zyňyndylaryny azaltmak, poslama garşy göreşmek, dikeldilýän energetika we başga-da birnäçe ugurlar boýunça amaly taýdan ulanmaga gönükdirildi.

Okuwa gatnaşyjylar guýularyň abatlygyny seljermäge, emeli aňyň we COMSO maksatnamasynyň kömegi bilen gaz ýodalarynyň syzyşyny ýüze çykarmaga hem-de sanly modellerini düzmäge degişli tejribe aldylar; poslamagyň görnüşlerine baha bermegiň we enjamlary goramagyň döwrebap usulyýeti, şeýle hem maşyn öwreniş usullaryny ulanmak arkaly Gün energiýasyny öndürmegi modelirlemek we çaklamak bilen tanyşdylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993