Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Türkmenistanyň diplomatik edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, çärä ýurtda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini we sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Atajan Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň giň gerimli sebitleýin strategiýasyna aýratyn üns berdi. «Arkadagyň ak ýoly» bitewi üstaşyr-energetika geçelgesiniň döredilendigi hem-de TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi ýaly möhüm infrastruktura taslamalarynyň öňe ilerledilýändigi bellenildi.
Ilçi Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýändigini habar berdi, bu bolsa 2027-nji ýylda türkmen gazyny Owganystana ibermäge başlamaga mümkinçilik berer we Pakistany hem öz içine alýan tutuş sebitiň energetika howpsuzlygyna hem-de ykdysady ösüşine ägirt uly goşant goşar.
Duşuga gatnaşyjylar şeýle çäreleriň işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi barada bir pikire geldiler.