«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öňde goýlan aýdyň wezipeleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatly garşylaýarlar.
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çägindäki Ekerem, Gamyşlyja, Şatut we Altyguýy baýlyklar känlerinde iş alyp barýan müdirligiň hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri hereket edýän guýulardan meýilnamada bellenilen 421,1 müň tonna derek, 461,3 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykarmagyň hötdesinden geldiler. Göz öňünde tutulan meýilnamany 109,5 göterim ýerine ýetiren kärhananyň «gara altyn» ussatlary şu günler burawlaýjylardan kabul edip alnan täze nebitli guýularyň ikisini senagat taýdan özleşdirmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Munuň özi kärhanada gazanyljak täze zähmet üstünlikleriniň mynasyp dowamat tapjakdygyna aýdyň güwä geçýär.