Nebitiň dünýä boýunça bahalary şu ýylda «parabolalaýyn» hereket edip, rekord derejede bahalara çenli ýokarlanyp biler we bütindünýä ykdysady ösüşi haýalladyp biler diýip, dünýäde iri garaşsyz nebit treýderleriniň biri bolan Trafigura-nyň ýolbaşçysy Jeremi Weýr hasaplaýar diýip, Interfaks habar berýär.
Energetika bazarynyň häzirki ýagdaýy çylşyrymy ýagdaýda, çünki Russiýa babatda çäklendirmeler ibermelerdäki ýetmezçilik bilen bagly meseläni has-da agyrlaşdyrdy diýip, Weýr sişenbe güni FT Global Boardroom maslahatynda eden çykyşynda belledi.
«Ýagdaý agyr. Meniň pikirimçe, geljek alty aýda bize kynçylyklar garaşýar (...). Iş bu parabolalaýyn ýagdaýa baranda bazar herekete geçip, bahalar birden ýokarlanyp biler» - diýip, ol belledi.
Parabolalaýyn ýagdaý diýip, adatça bahalaryň artyp barýan halynda onuň ýene-de rekord dereje gymmatlamak ýagdaýyna aýdylýar diýip, Financial Times gazeti belleýär.
Weýriň bellemegine görä, ol nebitiň bahalarynyň 150 mln dollara çenli ýa-da ondan hem artyk ýokarlanma mümkinçiligini görýär. Muňa Russiýanyň nebit eskportynyň Ýewropa çäklendirilmegi täsirini ýetirer.
«Eger-de energiýa serişdeleriniň aşa ýokary bahalary belli bir wagt saklansa, onda islegiň peselmegine gözegçilik ederis. Bahalaryň bir durkuny saklap galmak we ykdysady ösüşi dowam etmek kyn bolar» - diýip ol belledi.