Türkmenistan we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çeker

Türkmenistan we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çeker

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda resminamalara gol çekiler. Bu barada geçen penşenbe güni wise-premýer Şahym Abdrahmanowyň Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak bilen geçiren gepleşiklerinde bellenildi diýip, Russiýanyň Hökümetiniň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, taraplar, iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen baglanyşykly gol çekmek üçin taýýarlanan birnäçe resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary ýangyç we energiýa toplumynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Bellenilşi ýaly, Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlary bar, «Gazprom» we «Türkmengaz» bu ugurda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şonuň netijesinde 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda türkmen gazyny satyn almak we satmak barada Şertnama baglaşyldy. Mundan başga-da, Russiýa türkmen nebitini daşamak üçin hyzmatlary hem hödürleýär. Şeýle hem Russiýa bilen Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgeleriniň gündogar ugry boýunça ýük akymlaryny artdyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri bar.

Duşuşygyň ahyrynda Aleksandr Nowak türkmen wekiliýetini 25-nji Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyna, şeýle-de şu güýzde meýilleşdirilýän ikinji Hazar ykdysady forumyna we Russiýanyň energiýa forumyna gatnaşmaga çagyrdy. 

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993