Sişenbe güni, 14-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçirilýär.
Ýokary derejedäki bu gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek boýunça taraplaryň çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde ilkinji resmi saparlarynyň birini Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrmagy ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny hem-de döwletimiziň ählumumy bähbitlere kybap gelýän halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen üstünlikli öňe barýandygyny subut edýär.
Häzirki wagtda döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Türkmenistan we Eýran däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary iki tarapyň hem durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, milli bähbitlere kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini görkezýärler.
Gol çekmäge taýýarlanylan hem-de ileri tutulýan ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Tähranda geçiriljek iň ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendiklerini bellemek gerek.