Türkiýe 2022-nji ýylda gazyň sarp edilişiniň artjagyna ynam bildirýär

Türkiýe 2022-nji ýylda gazyň sarp edilişiniň artjagyna ynam bildirýär

Türkiýe 2021-nji ýylda nobatdaky rekord görkezijä – 60 mlrd kub metre ýetenden soň, 2022-nji ýylda tebigy gazyň sarp edilişini artdyrar. Bu barada penşenbe güni Peterburg halkara ykdysady forumynyň barşynda Türkiýäniň energetika ministriniň orunbasary Alparslan Baýraktar belledi diýip, Interfaks habar berýär.

«Türkiýe — Ýewropada tebigy gazy iň iri sarp edijileriň biri. Dördünji iri bazar, 60 mlrd kub metr. Biz bu görkezijiniň şu ýylda artmagyna garaşýarys» - diýip, türk wekili belledi.

«Gaz ulgamynda biz ibermelerimiziň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýykgyn edýäris. Biz infrastruktura maýa goýmaga ymtylýarys. Bizde geologiýa gözleg işleri boýunça uzak möhletli maksatnama bar. Biz Gara deňizde iri Sakarýa ýatagyny açdyk — häzir ol işläp taýýarlamak tapgyrynda ýerleşýär» - diýip, ol belledi.

Gaz geçiriji taslamalarynyň hatarynda Baýraktar TAP we TANAP halkara taslamalaryny, şeýle hem 2017-nji ýylda başlanylyp, «örän tiz wagtda amala aşyrylan we 2020-nji ýylda işe girizilen «Türk akymy» taslamasyny agzady.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993