Türkmenistanda Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek babatda çäreler görülýär. Bu barada geçen anna güni hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek baradaky teklipler beýan edildi. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan şertnama barada hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
«Dragon Oil» kompaniýasynyň esasy işi Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamakda ýöriteleşen. Kompaniýa 2000-nji ýylyň maý aýyndan bäri iş alyp barýar. Geçen döwürde operatoryň maýa goýumlary ABŞ-nyň 8 mlrd dollaryndan gowrak boldy.
Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk 25 ýyllyk möhlet bilen baglaşylyp, 2025-nji ýylyň maý aýynda tamamlanýar.