Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabatda VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşar

Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabatda VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşar

RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow sişenbe güni Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrlerinň 29-njy iýunda Aşgabatda Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlanan duşuşygyna gatnaşar diýip, Interfaks habar berýär.

RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň habar bermegine görä, daşary işler ministrleriniň duşuşygynda  Hazar deňzinde hyzmatdaşlyga syn bermek we Prezidentleriň duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde özara hereketleri maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Sergeý Lawrow geçen hepdede Bakuwa saparynyň çäklerinde Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň doly berjaý edilmeginiň zerurlygy barada belledi. Onuň aýtmagyna görä, «bäş sany hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň 29-njy iýunda Aşgabatda duşuşykda bu resminamanyň ähmiýetini, onda jemlenen esasy ýörelgeleri tassyklajakdygyna umumy düşünişme bar».

Ministrleriň şu görnüşdäki öňki duşuşygy Gazagystanyň Aktau şäherinde 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda geçirildi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993