Fransiýa bahalaryň artmagynyň dowam etmeginiň çäklerinde nebit öndüriji ýurtlary onuň önümçiligini artdyrmaga çagyrdy diýip, Interfaks fransuz habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.
«Adatdan daşary tertipde öndüriji ýurtlaryň önümçiligini artdyrmagy bize diýseň wajyp» diýip, Le Parisien gazeti duşenbe güni Germaniýada G7 duşuşygynyň çäklerinde Fransiýanyň administrasiýasynyň eden bildirişinden bölekleri getirýär.
Fransuz tarapy Eýranyň we Wenesuelanyň hasabyna nebit ibermeleriniň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiligini hem belläp geçdi.
Neşiriň bellemegine görä, bu beýanat G7 ýurtlarynyň Russiýa babatda çäklendirmeleri güýçlendirmek we rus nebiti üçin dünýäde bahalaryň aňry çägini kesgitlemek hakynda gürrüňleriň barşynda aýdyldy.