Sişenbe güni Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.
Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasyndaky duşuşykda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelere garadylar.
Duşuşykda eden çykyşynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşlerini Hazar deňzinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge tagallalaryny gönükdirmäge çagyrdy diýip, Orient agentligi habar berýär.
R.Meredow Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri we mümkinçilikleri üpjün etmegi sebitiň daşary işler ministrleriniň işini esasy ugry hökmünde atlandyrdy.
— Hazar sebitiniň dünýä derejesinde ähmiýeti bolan iri ulag-üstaşyr we logistika merkezleriniň biridigi ählimize mälim. Onuň hakykat ýüzünde şeýle bolmagy üçin anyk ylalaşyklar we olary durmuaş geçirmek üçin predmetleýin ädimler zerur — diýip, Meredow belledi.
Hazar deňziniň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek zerur bolan ilkinji nobatdaky ädimleriň hatarynda ol Hazar deňzinde bolşy ýaly, daşarky çäklere — ýewropa, aziýa, ýakyn gündogar ugurlaryna çykyş bilen ulag aragatnaşygynyň, energo ibermeleriniň netijeli ulgamyny döretmegi belledi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň nygtamagyna görä, bu wezipeleriň üstünde işlenilýär, sebitiň döwletleriniň ugurdaş edaralary aragatnaşykda bolup, dürli taslamalary durmuşa geçirýärler. Emma şunuň bilen bir hatarda goşmaça itergi bermek, ony has anyklaşdyrmak zerur.