Türkmenistanyň paýtagtynda VI Hazar sammiti geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda VI Hazar sammiti geçirildi

29-njy iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. 
Sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabada geldiler.Sammitiň barşynda döwlet Baştutanlary kenarýaka döwletleriň Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary halkara we sebitiň gün tertibinde duran taraplaryň ählisi üçin bähbitli wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar.Mundan başga-da, altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993