Raisi: Eýran mundan beýläk hem türkmen gazyny swoplaýyn Azerbaýjana ibermegini dowam etmäge taýýar

Raisi: Eýran mundan beýläk hem türkmen gazyny swoplaýyn Azerbaýjana ibermegini dowam etmäge taýýar

Eýran geljekde hem öz çäginiň üsti bilen türkmen gazyny Azerbaýjana ibermäge taýýar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belledi diýip, IRNA habarlar agentligi habar berýär.

Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň paýtagtynda 29-njy iýunda geçirilen Hazar sammitiniň çäklerinde guraldy.

Eýran-türkmen gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak esasynda giňeldilýändigini beýan edip, Raisi Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Tährana sapary wagtynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalaryň we resminamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hyzmatdaşlygy giňeltmegi tizleşdirjekdigini nygtady.

Raisi şeýle hem Azerbaýjanyň ýakynda soramagyna laýyklykda öz çäginden Azerbaýjana geçirýän türkmen gazynyň möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň energetika ministri Parwaz Şahbazow 2022-nji ýylyň başyndan bäri Azerbaýjanyň Eýranyň üsti bilen 1,5 mlrd kub metr türkmen gazyny import edendiigini habar berdi.

Öň, Eýranyň nebit ministri Jawad Ouji Azeerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň 2021-nji ýylyň noýabrynda gazanylan ylalaşygyň çäklerinde tebigy gazyň alyş-çalşygynyň möçberinni iki esse artdyrmagy ylalaşandygyny habar beriş serişdelerine ýetirdi. Onuň bellemegine görä, üç ýurt tebigy gazyň alyş-çalşygynyň möçberini iki esse artdyrmak hakynda ylalaşdylar.

Eýranyň çäginiň üsti bilen türkmen gazyny Azerbaýjana swoplaýyn ibermek hakynda üçtaraplaýyn ylalaşyk 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi. Şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda durmuşa geçirilip başlandy. Resminama laýyklykda, Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogar etraplaýyna günde 5-6 mln kub metr gaz iberýär, Eýran bolsa, şu möçberdäki gazy demirgazyk-günbatar serhedinden Azerbaýjana iberýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993