Lebap welaýatynda umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy

Lebap welaýatynda umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki günde suw diplomatiýasynyň köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde suw serişdeleriniň gorlaryny döretmek we täzeden dikeltmek, olardan oýlanyşykly hem-de rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993