Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek — Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşygyň üns merkezinde

Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek — Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşygyň üns merkezinde

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýet bilen duşuşygynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşlere eýe bolýandygyny bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň ähmiýeti, halkara bazaryna energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak aýratyn bellenildi.

2021-nji ýylyň ýanwaryndaky Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek ugrunda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny möhüm wakasy boldy.

Munuň bilen baglanyşykly, türkmen tarapy energetikanyň birnäçe ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn geňeşmeleriniň işiniň dowam etdirilmegine taýýardygyny belläp geçdi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993