«Tatneft» rus kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzda bar bolan önümçilik infrastrukturasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Muňa türkmen habar beriş serişdelerinde neşir edilen degişli tender habar berýär.
Tendere laýyklykda, kompaniýa «Tatneft-iň» şahamçasynyň önümçilik binýadyny giňeltmek boýunça işleri taslajak we ýerine ýetirjek potratçyny gözleýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda «Tatneft» «Goturdepe» nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit öndürijiligini artdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2020-nji ýylda taraplar şertnamanyň möhletini 8 ýyl uzaltdylar.
«Goturdepenebit» müdirliginiň guýularynda geçirilen işlerden soň, türkmen nebitçileri «Tatneftdäki» kärdeşleri bilen bilelikde guýularyň abatlaýyş işleri geçirilmezden ulanyş möhletini 6 esse artdyrdylar.
2022-nji ýylyň martynda «Türkmennebit» DK we «Tatneft» «Goturdepe» ýatagynda 550 sany nebit guýusynyň öndürijiligini artdyrmak boýunça hyzmatlary etmek üçin goşmaça ylalaşyk baglanyşdy.