Türkmen tebigy gazyny Anatoliýa Anatoliýüsti gaz geçirijisi (TANAP) boýunça ibermek bolar diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý belledi.
Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Oktaý Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň barşynda belledi. Mejlis geçen hepde Aşgabatda geçirildi.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň has möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtap, Oktaý: Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynda biz türkmen gazyny TANAP ugry boýunça iberip bileris» diýip belledi.
Türkiýäniň wise-prezidenti bu mesele boýunça Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň, «BOTAŞ» türk energetika kompaniýasynyň we Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda gepleşikleriň ýakynda oňyn netijelerini berjekdigini belledi diýip, Anadolu agentligi belleýär.
Oktaý şeýle hem Türkiýäniň döwlet kompaniýalarynyň Hazar deňzindäki «Dostluk» bilelikdäki türkmen-azerbaýjan uglewodorod känini işläp taýýarlamaga gatnaşmaga taýýardygyny habar berdi.
TANAP — Türkiýedäki gaz geçiriji. Ol Azerbaýjandaky Şah-Deňiz gaz ýatagyny Ýewropa birleşdirýän Günorta gaz geçelgesiniň merkezi bölegi.