Uzynada meýdançasyny özleşdirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär

Uzynada meýdançasyny özleşdirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär

Çarşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatyndaky Uzynada meýdançasyny özleşdirmek hem-de onuň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ýerde ýerasty baýlyklary özleşdirmek hem-de buraw işlerini maddy-enjamlaýyn babatda üpjün etmek, guýularyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleri esasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak we onuň çägini giňeltmek maksady bilen, Uzynada meýdançasynda 7 müň 300 metr çuňlukdan nebit we tebigy gaz alyndy. Munuň özi nebitiň çykarylýan mukdarynyň artdyryljakdygyna hem-de bu käniň çäginiň has-da giňeldiljekdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn geljekde bu ýerde degişli işleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutany sebitiň tebigy serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ýerde geologiýa-gözleg işlerini dowam etdirmegiň zerurdygy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993