Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen iki ýurduň ykdysadyýetiniň strategiki ugurlary bolup durýan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini nygtap, döwletimiziň uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek, döwrebap ugurdaş düzümi kemala getirmek babatda pudaga innowasiýalary, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmäge eýerýändigini aýtdy. Bu babatda ýola goýlan, bilelikde işlemek boýunça köpýyllyk tejribä eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, «ýaşyl» energetikada özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak wajyp hasaplanýar.
Myhman BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga hem-de täze, geljegi uly taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, netijeli ykdysady we maýa goýum syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz halkara giňişlikde özüni ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezdi.
Duşuşygyň barşynda myhman döwlet Baştutanyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň BAE sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy.
Belläp geçsek, 2021-nji ýylda Türkmenistan we BAE ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň birnäçesine, şol sanda maýa goýumlar we energetika ulgamynda resminamalara gol çekdiler. Şolaryň hatarynda — «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Abu Dhabi Future Energy Company PJSC – Masdar kompaniýasynyň arasynda bilelikdäki maýa goýum kompaniýasyny döretmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.