Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda ABŞ-nyň 902 mln dollaryna ýetdi — Şawkat Mirziýoýew

Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda ABŞ-nyň 902 mln dollaryna ýetdi — Şawkat Mirziýoýew

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esse köpeldi. 2021-nji ýylda bu görkeziji ABŞ-nyň 902 mln dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkentde Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça belledi.

— Haryt dolanyşygy geçen ýylda 70% ýokarlanyp, 902 mln dollara ýetdi. Bu öň ýetilmedik sepgitdi. Ýarym ýylda 400 milliondan gowrak — diýip, Ş.Mirziýoýew belledi we bu sanlary «aňry çäk däl» diýip atlandyrdy.

Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň ahyryna çenli söwdamyzyň möçberini ABŞ-nyň 1 milliarddan gowrak dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar, orta möhletleýin geljekde bolsa ony 2 esse köpeltmek bolar. Munuň üçin ähli esaslar bardyr.

Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde ilkinji gezek iki günlük resmi sapary bilen Özbegistana bardy.

Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösdürmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda obahojalyk toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşygy, doka senagaty we farmasewtika bellenildi. 

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993