Güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri başlandy

Güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri başlandy

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasy geljek güýz-gyş möwsüminde gaz hojalygyň ygtybarly we howpsuz ulanylyşyny üpjün etmeklige gönükdirilen guramaçylyk-tehniki çäreleriň toplumyny ýerine ýetirmäge girişdiler.

Jogapkärli möwsümde sarp edijileriň ählisini gaz bilen bökdençsiz we adatdan daşary ýagdaýsyz üpjün etmek maksady bilen, kärhanada gaz üpjünçilik ulgamyny abatlamak, gaz geçirijileriniň toplumlaýyn barlagy, gaz geçirijileriniňtehniki ýagdaýyny bahalandyrmak we olaryň çalyşmak boýunça işler alnyp barylýar.

Gazçylaryň hyzmat ediş çäginde 231 km uzynlygy bolan ýokary we orta basyşlygaz geçirijisi bolýar. Bu günki gün hünärmenler 5 sany gaz paýlajy  desgalarda, 50-den gowrak gaz sazlaýjy desgalarda tehniki hyzmat işini ýerine ýetirýärler.

Ýylyň başyndan bäri edaranyň işgärleri tarapyndan ýokary we orta basyşly gaz geçirijileriniň ýüzlerçe metri gurlup-ulanylmaga berler.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993