Milli gämiler türkmen nebit önümleriniň ibermelerini artdyrmaga mümkinçilik berdi

Milli gämiler türkmen nebit önümleriniň ibermelerini artdyrmaga mümkinçilik berdi

Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz porty we milli gämiler türkmen nebit önümleriniň daşary ýurtlara durnukly iberlemerini ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Agamyrat Haýytmyradow şu gün Aşgabatda açylan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

— Innowasion taslamalaryň çäklerinde Türkmenistan nebit önümlerini daşamak üçin 7 sany döwrebap gämini gurdy we satyn aldy. Bu bolsa ýerli flotuň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli artdyrdy — diýip, agentligiň başlygy aýtdy.

— Häzirki wagtda bu gämiler hazar portlarynyň arasynda halkara gatnawlary amala aşyrýarlar we Türkmenistana halkara bazarlarynda üstünlikli wekilçilik edýärler – diýip Haýytmyradow belledi.

Mundan başga-da, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we gowulandyrmak üçin dört sany tirkeg gämisini we iki sany tizlikli ýolagçy gämilerini aldy we döwrebaplaşdyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gämi duralgasyny Hazar deňziniň gündogar kenaryndaky sebitiň iň kuwwatly we iri ulag-logistika merkezineöwürmegi maksat edinýär.

— Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň ählisini Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňizportunda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993