Türkmenbaşynyň deňiz porty 2021-nji ýylda ýük daşamalarynyň möçberini 28% ýokarlandyrdy

Türkmenbaşynyň deňiz porty 2021-nji ýylda ýük daşamalarynyň möçberini 28% ýokarlandyrdy

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ýük daşamalarynyň möçberini 2021-nji ýylda 28% ýokarlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky Ilçihanasynyň hemişelik wekili, ilçi Atageldi Haljanow duşenbe güni Aşgabatda açylan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

— Dünýäde emele gelen ýagdaýa we Türkmenbaşy portunda girizilen berk çärelere garamazdan geçen ýylda ýük daşamalarynyň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 28% ýokarlandyr, şol sanda konteýner daşamalary 3 esse, awtoulag daşamalary bolsa – 15% ýokarlandyr — diýip Haljanow belledi.

Maslahatyň barşynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň başlygy Seýitguly Baýseýidow portuň terminalyndan daşalýan ýükleriň umumy möçberiniň 2021-nji ýylda 11,3 mln tonna deň bolandygyny belledi. Şolardan aglaba bölegi — 6,5 mln tonnadan gowragy eksporta gidýär. Import 1,2 mln tonna, üstaşyr daşamalar bolsa 353 müň tonna deň boldy.

Baýseýidow şeýle hem Türkmenbaşy portunyň Ýewraziýada aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa söwda ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, port ýylyň dowamynda kabul etmäge, gije-gündizleýin ýükleýiş-düşüriş işlerini geçirmäge ukyply, onuň geçirijilik ukyby bolsa – nebit önümlerini hasaba almanyňda, 17 mln tonna ýüke barabar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993