Türkmenistanyň we Dragon Oil-yň wekilleri gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
30.01.23 - 22:13«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen «Dragon Oil» (BAE) kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçen hepdede wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty habar berýär.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-ni mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
28.01.23 - 00:53Penşenbe güni Mary welaýatynda iş saparynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
«Uzbekneftegaz» Türkmenistanda «Petronas» kompaniýasynyň şahamçasyndan nebit satyn almagy meýilleşdirýär
28.01.23 - 00:52«Uzbekneftegaz» özbek holding korporasiýasy we «Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» 2023-nji ýylda türkmen nebitini ibermek boýunça maksatnamanyň üstünde işleýärler diýip, Newshub.uz özbek neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bilermenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
26.01.23 - 19:02Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň iki günlük duşuşygy geçirildi diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.
YHG-nyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi
26.01.23 - 18:59Daşkende Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Hindistanda ŞHG duşuşyklarynyň gün tertibine girip biler — Financial Express
26.01.23 - 01:022023-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän Hindistan gurama agza döwletleriň daşary işler ministrlerini 4-5-nji maýda Goa geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyga çagyrdy.
Hytaý 2022-nji ýylda Türkmenistandan 10,2 mlrd dollarlyk tebigy gaz import etdi
25.01.23 - 21:01Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Hytaýa 10 mlrd 250 mln dollarlyk tebigy gaz eksport etdi, bu geçen öňki ýylyň degişli döwründen 51% artykdyr. Bu barada TASS habarlar agentligi HHR-iň Baş gümrük gullugyna salgylanyp habar berdi.
«Rosgeologiýa» Türkmenistanda uglewodorod känlerini gözlemek hem-de işläp taýýarlamak bilen meşgullanar
24.01.23 - 21:11Aşgabatda 19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-russiýa işewürler forumynyň çäklerinde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hem-de «Rosgeologiýa» (Rosgeo) rus holding kompaniýasynyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça russiýa hünärmenler türkmen uglewodorod we peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň känini gözlemekde we işläp taýýarlamakda tehnologik kömegini bererler.
Ýangyç-energetika toplumynyň harytlary birža söwdalarynyň öň hatarynda boldy
24.01.23 - 21:09Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede 13 sany geleşik hasaba alyndy.
Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi
23.01.23 - 21:48Ýurdumyzda ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi
23.01.23 - 21:35Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2028-nji ýyla çenli döwlet Türkmenistanyň ösüşine 278 mlrd dollardan gowrak maýa goýar
23.01.23 - 21:372028-nji ýyla çenli döwlet Türkmenistanyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 mlrd dollardan gowrak maýa goýar. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Ýokary derejedäki Türkmen-russiýa gepleşiklerinde söwda, energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi
20.01.23 - 22:33Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistana resmi saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käninde baryp gördi
20.01.23 - 22:32Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, «Galkynyş» gaz känine baryp gördi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýanyň wise-premýerleri nebitgaz hem-de beýleki ulgamlarda mümkin bolan bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar
21.01.23 - 00:28Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Şahym Abdrahmanow penşenbe güni Aşgabatda iki ýurduň nebitgaz ulgamynda, elektroenergetikada, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde we parahatçylykly atom ulgamynda özara gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy bahar berdi.