Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanan günlerinde ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna uzak ýyllaryň dowamynda çeken päk zähmeti, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösmegine goşan goşandy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolan bagtyýar ynsanlaryň biri-de «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gaz geçirijilere hyzmat etmek boýunça Ýöriteleşdirilen ulanyş edarasynyň ýolbaşçysy Arslan Baýramowdyr. Ol öz zähmet ýoluna 1993-nji ýylyň iýunynda şol wagtky «Düýeboýun-Daşoguz» suw geçiriş gurluşyk edarasynda ýönekeý işçilikden başlady. A.Baýramow 1996 — 2000-nji ýyllarda paýtagtymyzdaky Türkmen politehniki institutynda (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) okap, gidrogeologiýa we inžener geologiýasy, dag inžener-gidrogeology hünärine eýe bolmak bilen, şondan bäri «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň edara-kärhanalarynda dürli wezipelerde işläp gelýär.
— Ynsan durmuşynda ýatda galyjy bagtyýar pursatlar juda köp. Aslynda, uly toýdan paýly, onda-da şol toýda döwlet Baştutanyndan serpaýly bolmagyň özi uly bagt, uly mertebe. Şonuň üçin şu ýylda Garaşsyzlyk baýramy meniň we ähli maşgala agzalarymyz üçin goşa toýa, goşa şatlyga öwrüldi. Çeken ujypsyzja zähmetime uly baha berip, ýapan Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize müň keren sagbolsun aýdýaryn — diýip, A.Baýramow döwlet Baştutanymyzyň adyna ýüreginiň töründen çykýan alkyşly sözlerini beýan edýär.