Lebap welaýatynda 42 km täze gaz geçirijileri guruldy
05:13 14.08.2024 5018
Lebap welaýatynda ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gaz bilen üpjün etmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde welaýatda 2024-nji ýylyň alty aýynda gaz torlarynyň gerimi 42 km-den gowrak artdy.
«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň gurluşykçylaryna bellenilen meýilnamany 11% artyk ýerine ýetirmek başartdy. 11,8 million manat möçberde döwlet maýa goýumlary netijesinde turbalary çekmek işleri welaýatyň ähli etraplarynda we şäherlerinde ýerine ýetirildi. Olaryň aglaba bölegi Türkmenabat, Dänew, Çärjew, Saýat, Darganata etrap-şäherleriniň paýyna düşýär.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşygynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy
Duşenbe güni Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.