Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
16:55 27.08.2024 4761
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nebitiň, gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertleri göz öňünde tutup, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Belläp geçsek, Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd hem-de Türkmenistanyň Hökümeti 2000-nji ýylda Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Bu Ylalaşyk kompaniýa Jeýtun we Jygalybeg känlerini öz içine alýan “Çeleken” deňiz Blogynda nebiti we gazy çykarmak üçin 25 ýyllyk ygtyýarnama berdi.
2022-nji ýylyň iýulynda “Türkmennebit” döwlet konserni we Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasy Ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda resminama gol çekdiler. Kompaniýanyň esasy wezipesi “Çeleken” şertnamalaýyn çäginden nebitiň çykarylyşyny artdyrmak bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy
27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
“Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.