“Türkmengaz” DK “Şatlyk-1” gaz gysyjy bekedini gurmak üçin türk kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar
03:26 03.09.2024 6994
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi. Degişli resminama türkmen metbugatynda çap edildi.
Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Bellenilişi ýaly bu resminama ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.