Aşgabatda TIF-2024 Maýa goýum forumyna 35 ýurtdan wekiller gatnaşar
09:08 03.09.2024 6037
Aşgabat 10-11-nji sentýabrda geçiriljek TIF-2024 Maýa goýum forumyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we SÖwda-senagat edarasynyň guramagynda geçiriljek foruma eýýäm 35 döwletden 350-den gowrak wekil hasaba alyndy.
TIF-2024 ýurduň we sebitiň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler. Wekiller energetika, ulag, oba hojalygy we sanly ykdysadyýet ulgamlarynda Türkmenistanyň geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat alyp bilerler.
Forum döwlet düzümleriniň wekilleri, iri işewürler we halkara maliýe institutlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin özboluşly mümkinçiligi hödürlär.
Forumda çykyş etjekleriň hatarynda - Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň integrasiýa we makroykdysadyýet boýunça ministri Sergeý Glazýew, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Françesko la Kamera we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň direktory Kabir Jurazoda bar.
TIF-2024 Türkmenistan üçin giň mümkinçilikleri, şol sanda daşary ýurt maýalaryny çekmek, önümleriň we hyzmatlaryň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem öňdebaryjy tejribäni öwrenmek babatda täze mümkinçilikleri açyp berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy
27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
“Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.