Hökümetiň mejlisinde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça meselelere garaldy
13:09 07.09.2024 1088
6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işleri üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek babatda zerur işler geçirilýär. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ulanmaga berlen önüm berýän gaz guýularynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, goşmaça gaz guýularynyň birnäçesini burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Olary ýörite enjamlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgazly ýataklary tiz özleşdirmek hem-de täze guýulary burawlamak üçin toplumy döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
«Marygazüpjünçilik» müdirligi welaýatyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik bölümleriniň gazçylary tutuş ýylyň dowamynda Mary welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça çäreleri yzygiderli ýerine ýetirýärler. Gaz hojalyk kärhanalarynyň ýokary hilli taýýarlygy gaz üpjünçilik ulgamynyň gyş möwsüminde ygtybarly işlemegine ýardam edýär.
“Türkmengaz” DK we ADNOC kompaniýasy ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, TDH habar berýär.
«Türkmennebit» DK we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
4-5-nji ýanwarda BAE iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
BMG-niň saýtynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen energetika we ulag boýunça kararnamalar çap edildi
BMG-niň saýtynda 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen iki kararnama çap edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
TNGIZT-niň önümleri birža söwdalarynda esasy orny eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.