Wladimir Putin telefon arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan gününi gutlady
11:32 23.09.2024 4462
22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
RF-niň Baştutany hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutany mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýokary netijeler gazanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň oktýabrynda Russiýada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine çagyrdy. Şonuň bilen birlikde, Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.