OGT 2024: Türkmenistan metan zyňyndylaryny üstünlikli azaldýar
06:43 25.10.2024 6263
Türkmenistan 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, zyýanly zyňyndylaryň möçberini umumylykda 10 % azaldyp, daşky gurşawy goramakda düýpli üstünlikleri gazandy. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Bu başlangyjyň çäklerinde metan zyňyndylaryny tapgyrlaýyn azaltmagyň strategiýasy kabul edildi, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa standartlaryna we durnukly ösüşe ygrarlylygyny görkezýär.
Bu strategiýa ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda energetika we oba hojalygy pudaklarynda metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. Garaşylyşy ýaly, bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi diňe bir howanyň hilini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika netijeliligini hem ýokarlandyrar.
Türkmenistan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyga ymtylýar. Bu bolsa zyňyndylary has netijeli dolandyrmak üçin tejribe we tehnologiýalary alyşmaga mümkinçilik berýär.
Kabul edilen çözgütler howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy maksatlara laýyk gelýär we ýurdumyzyň sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaklyga goşandyny goşmak meýillerini subut edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy
27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
“Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.