TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-den we Türkiýeden işewürler nebit bitumyny we polipropilen satyn aldylar
14:52 12.11.2024 2552
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we polipropileni satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek dokma önümleri, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisi, nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin nah ýüplügini, ýoduň spirtli erginini we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 801 müň manatdan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi. Kallas Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy
27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.