BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi görkezýär - ilçi
08:24 30.11.2024 3073
Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi görkezýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli BAE-niň Milli gününiň 53 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul edişlikde belledi. Bu barada News Central Asia (nCa) neşiri habar berýär.
Diplomat 2024-nji ýylyň ilkinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,9% ýokarlanyp, “nebit däl söwdada” takmynan ABŞ-nyň 1 milliard 300 million dollaryna ýetendigini belledi.
Ilçi şeýle hem: «Biz ýakyn ýyllarda bu görkezijini iki esse ýokarlandyrmagy maksat edinýäris. Häzirki wagtda BAE Türkmenistanyň dördünji söwda hyzmatdaşydyr» diýdi.
Al-Hameli «BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemişe ýokary netijelilik we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň işjeň hyzmatdaşlygy tapawutlandyrdy. Munuň aýdyň mysaly ýokary derejedäki özara saparlardyr» diýip nygtady.
«Ykdysady gatnaşyklary babatda, şu ýylyň iýun aýynda BAE-nyň ilçihanasy BAE-Türkmenistan işewürlik forumyny gurady. Forumyň dowamynda BAE wekiliýetine ykdysadyýet ministri Abdullah bin Tuk ýolbaşçylyk etdi. Forumda BAE-nyň 50-den gowrak resmi şahslary we kompaniýalary, şeýle hem Türkmenistanyň 150 töweregi resmi wekilleri we kompaniýalary gatnaşdy. Bu forum uly üstünlik bilen geçdi we iki ýurduň senagat palatalarynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi» diýip diplomat sözüni dowam etdi.
«BAE-nyň prezidenti şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan we wise-prezident şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýanyň yzygiderli goldawlary bilen BAE ähli ugurlarda gatnaşyklary berkitmäge we BAE bilen Türkmenistanyň hem-de iki dostlukly halkyň arasyndaky baglanyşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýar» diýip ilçi belledi.
«BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly oňyn garaýarys. Bu gatnaşyklaryň gaz, nebit, täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlarda köp mümkinçilikleri we geljegi bar» diýip, Al-Hameli düşündirdi.
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi. ICE Futures biržasynda TTF üçin golaýdaky fýuçersiň bahasy penşenbe güni irden müň kub metri üçin 2311 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde söwdalaşyklar 2200 dollardan başlandy diýip, Interfaks habar berýär.
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär
«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.
Brend nebiti 99,11 dollara çenli arzanlady
Deslapky günüň söwdalaşyklarynda ynamly ösüşden soň, anna güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary aşaklaýar diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda energetika we beýleki ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy fewral aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.