Ylmy seljermeleriň önümçilige oňyn täsiri

04:15 17.12.2024 2140

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/12629/original-16760504760c9a.jpg

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ýurt abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilişi, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetde tutýan möhüm orny, häzirki wagtda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda alnyp barylýan ylmy işler, toplumyň pudaklarynyň täze tehnologiýalar, enjamlar bilen yzygider üpjün edilişi, ylmyň soňky gazananlarynyň, şol sanda ylmy seljermeleriň önümçilige ýetirýän oňyn täsiri barada çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda ýaş alymlar, ylmy işgärler özleriniň alyp barýan ylmy seljermelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar we özara pikir alyşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda zähmet üstünlikleri bilen tapawutlanýan göreldeli işgärleriň birnäçesine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Başga makalalar
162f4d866baf0b.jpeg
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA

OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.


162f5f51979269.jpeg
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi. ICE Futures biržasynda TTF üçin golaýdaky fýuçersiň bahasy penşenbe güni irden müň kub metri üçin 2311 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde söwdalaşyklar 2200 dollardan başlandy diýip, Interfaks habar berýär.


162f4a7fff1ec7.jpeg
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär

«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.


162f5f12236c73.jpeg
Brend nebiti 99,11 dollara çenli arzanlady

Deslapky günüň söwdalaşyklarynda ynamly ösüşden soň, anna güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary aşaklaýar diýip, Interfaks habar berýär.


167b8475250478.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda energetika we beýleki ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy fewral aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.