Birža söwdalarynda Owganystanyň işewürleri awiakerosin, Türkmenistanyň telekeçileri polipropilen aldylar
14:00 17.02.2025 2261
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah mata we inçe süýümli pagta ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 840 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah matany, float aýnasyny, pagta süýümini satyn aldylar.
Birža söwdalarynda ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz, polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli açylan ikinji wirtual sergä gatnaşýar
Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan wirtual sergi açyldy. Bu dabaraly çäreler Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
«Awazada» geçirilen maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň mundan beýläkki özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň ministri bilen TOPH taslamasy barada pikir alşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy.