«Awazada» geçirilen maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
10:33 14.08.2023 5306
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň mundan beýläkki özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen foruma hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň — BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň özüniň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.
«Türkmenistan Hazarda netijeli syýasy gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmek babatda yzygiderli işleri geçirmek bilen, möhüm başlangyçlara itergi berdi. Biziň döwletimiziň öňe süren teklibi esasynda döredilen Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeler guraly wajyp ähmiýete eýedir. Bu guralyň Hazarýaka döwletleriň Hazar deňzi bilen bagly meselelerde işini kadalaşdyrýan köptaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýeti bardyr.
Hazarýaka döwletleriň umumy maksatlarynyň ýene-de bir wajyp ugry Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, sebitde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar. Hazar deňzi, onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda, howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr.
Bu ugurda Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlaryny Hazaryň suw serişdelerini goramak, onuň biologik köpdürlüligini aýawly saklamak we baý tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyga çagyrýar» - diýlip gutlagda aýdylýar.
Umumy mejlisiň barşynda forumda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň ilçihanalarynyň ýolbaşçy wekilleri çykyş etdi.
Foruma gatnaşyjylar onuň netijelerini jemläp, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi barada gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtap, Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.