Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň işi maslahatlaşyldy
16:30 24.02.2025 2516
23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli wise-premýerler, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda göz öňünde tutulan Hazar deňzi meseleleri boýunça duşuşyklaryň ähmiýeti we öz wagtyndalygy bellenildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Pudagara toparynyň 2024-nji ýylda Hazar deňzi meselesi boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat diňlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen «Hazar ekologik başlangyjynyň» durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde ençeme ýyllaryň dowamynda işjeňlik görkezýändigini we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.
Mundan başga-da, mejlisde Türkmenistanyň Pudagara toparynyň Hazar deňzi meseleleri boýunça 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna garaldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Birža söwdalarynda ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz, polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli açylan ikinji wirtual sergä gatnaşýar
Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan wirtual sergi açyldy. Bu dabaraly çäreler Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
«Awazada» geçirilen maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň mundan beýläkki özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň ministri bilen TOPH taslamasy barada pikir alşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy.