«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatyna we sergisine bellige almaklyk başlandy

13:50 27.06.2025 6024

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14381/original-1685e3fbae5791.jpg

Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň  nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alyşy açyldy. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Energiýa Forum” bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Geçen üç onýyllygyň dowamynda OGT maslahaty we sergisi Merkezi Aziýanyň energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň we pikir alyşmalaryň ösmegine ýardam edýän, öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalaryny, maýa goýujylary, hökümet wekillerini hem-de tehniki hünärmenleri birleşdirýän öňdebaryjy meýdança hökmünde öz ornuny berkidip gelýär.

«Energiýa. Innowasiýa. Ösüş» şygary astynda geçiriljek OGT 2025 maslahaty 60-dan gowrak ýurtdan wekilleri özünde jemläp, aşakdaky esasy mowzuklara üns berer:

  • Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we Durnukly energetiki ösüşe ýardam bermek BMG-niň yglan eden Parahatçylyk we ynam ýylynyň çäklerinde;
  • Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak;
  • Dünýä energetikasynyň energetiki geçiş we dekabrbonizasiýa ugurlary boýunça derňewler;
  • Uglewodorod känleriniň özleşdirilişiniň ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri;
  • Uglewodorod çykaryşynda emeli intellektiň artýan orny.

Dünýäde pes uglerodly energetika geçişiniň çaltlaşýan döwründe, Türkmenistan hem energetika strategiýasyny işjeň diwersifikasiýalaşdyrýar. Türkmenistan halkara maýa goýujylar üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär — dünýäde iň uly ýerasty gaz känleriniň biri bolan Galkynyş käniniň ösüşiniň indiki tapgyrlaryndan başlap, guýçli gün we ýel energetika taslamalaryna çenli.

Halkara maýa goýujylara we hünärmenlere şu ugurlarda döwrebap maglumatlar we çuňňur derňewler hödürlener:

  • Galkynyş gaz käniniň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri;
  • Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy;
  • Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky maýa goýum taslamalary;
  • Tebigy gazyň täze ugurlar boýunça eksportynyň giňeldilmegi;
  • Gaz gaýtadan işlemek we nebit-himiýa senagatynyň ösüşi;
  • Durnukly ösüş başlangyçlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar (mysal üçin: Altyn Asyr kölüniň ýanyndaky gün-ýel elektrik stansiýasy).

Türkmenistan sebitiň geljegini kesgitleýän strategik energetika taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagy dowam etdirýär. Bu işde ýurdumyzyň durnukly maýa goýum gurşawy, kanunçylyk kepillikleri we sebit hem-de halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan işjeň gatnaşmagy esasy sütünler bolup çykyş edýär.

Guramaçylar OGT 2025-iň täze hyzmatdaşlyklary döretjekdigine we maýa goýum işjeňligini artdyrjakdygyna ynanýarlar — bu hem Türkmenistanyň dünýä energetika giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrar.

Giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi web sahypasyna - www.ogt-turkmenistan.com ýüz tutup bilersiňiz.

Başga makalalar
164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.