Türkmenistan 2020-nji ýylda ECO-93 benzininiň eksportyny 2 esseden gowrak artdyrdy
14:03 12.01.2021 4825
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ECO-93 söwda belgili benziniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokarlandy.
Tebigy gazdan benzini senagat taýdan öndürýän dünýädäki ilkinji zawod 2019-njy ýylyň başynda Ahal welaýatynda ulanylyşa girizildi. Zawod her ýyl EURO-5 standartyna laýyk gelýän 600 müň tonna ekologiýa taýdan arassa sintetik ECO-93 benzini öndürmäge ukyply.
2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda zawod tebigy gazdan benziniň öndürilişini 3,6 esse ýokarlandyrdy.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä söwdasyndaky kynçylyklara garamazdan, «mawy ýangyçdan» türkmen benzinini Beýik Britaniýa, Daniýa, Bolgariýa, Gruziýa, Russiýa, Özbegistan, Owganystan ýaly dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.
Belläp geçsek, türkmen tebigy gazyndan benzin ulanylanda kükürt oksidiniň zyýanly zyňyndylary 50 esse, azot oksidi – 5 esse, uglerod oksidi – 2 esse, uglewodorod – 20%-e çenli azalýar.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi
Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Petronas we ADNOC kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
14-nji maýda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” we Birleşen Arap Emirlikleriniň ADNOC kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Nebitgazçy türgenleriň üstünligi
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreş boýunça türgenleri, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Afis Weliýewiň taýýarlamagynda, iýul aýynyň 5 — 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde birnäçe döwletiň gatnaşmagynda «Kaýrat Buhanow» ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça ýaryşa gatnaşdylar.